Onion Brauzer iOS üçin iOS üçin Linux üçin Linux üçin Mac OS üçin Windows üçin

RadioFreeEurope / RadioLiberty blokirlemesini geçmek üçin maslahatlar

rferl.org girip bolmaýarmy? Bu sahypa senzuradan nädip geçip boljakdygyny jikme-jik görkezýär.

Tor bilen Senzurany Geçmek

Tor, internete anonim göz aýlamagyň usulyny hödürleýär, adamlara senzuradan we gözegçilikden gaça durmaga kömek edýär. Tor Browser, ulanýan beýleki brauzerleriňiz ýaly - Chrome, Firefox, Safari, Yandex - ähli brauzer hereketleriňizi internet hyzmaty üpjün edijiňize we traffigiňyza göz aýlaýanlaryň hemmesine aç-açan etmegiň ýerine, şifrlemek arkaly traffigiňizi gizleýär, meýletin we üç sany tötänleýin düwün arkaly bökmäge mümkinçilik berýär (bu düwünlere "releler" hem diýilýär). Bu prosess kimdigiňizi, nirededigiňizi we nirä barýandygyňyzy (ýagny haýsy web sahypasyna girýändigiňizi) gizleýär.

Tor adam hukuklaryny goraýjylar, aktiwistler we dünýäniň ähli künjeginden senzuradan we gözegçilikden gaçmaly adamlar tarapyndan ulanylýar. Tor we onuň nähili işleýändigi barada has giňişleýin maglumat üçin girip görüň Tor Browser Manual.

1-nji ädim: Tor Brauzeri göçürip al

Tor brauzerini göçürip almagyň iň ygtybarly we ýönekeý usuly, Tor Project resmi web sahypasyndan göçürip almakdyr. Operasiýa ulgamyňyz üçin, aşakdaky baglanyşykdan Tor Brauzeri göçürip alyp bilersiňiz:

Tor Bruazeri göçürip almakda kynçylyk çekýärsiňizmi?

Tor Project web sahypasyna girip bilmeýän wagtlaryňyz bolup biler: meselem, networkde petiklenip bilner. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, aşakda görkezilen göçürip almagyň alternatiw usullaryndan birini ulanyp bilersiňiz.

Aýnalar

Tor Brauzerini resmi aýnalaryň birinden göçürip almagy synanşyp bilersiňiz:

GetTor

Eger-de aýna saýtlary hem petiklenen bolsa, GetTor-dan Tor Brauzeri almagy haýyş edip bilersiňiz. GetTor hyzmaty Tor Brauzeriniň iň soňky wersiýasynyň linki bilen Dropbox, Google Drive we GitHub ýaly dürli ýerlerde ýerleşdirilen habarlara awtomatiki jogap berýän hyzmatdyr.

  • 1-nji ädim: gettor@torproject.org email iberiň we habaryň mazmunyna operasiýa ulgamyňyza baglylykda “windows”, “osx” ýa-da “linux” (dyrnak belliksiz) ýazyň. Şeýle hem, Tor Brauzerini iňlis dilinden tapawutly dilde almak üçin dil koduny goşup bilersiňiz. Mysal üçin, Tor Browser Windows üçin hytaý dilinde (Hytaý) göçürip almak we baglanyşyk almak üçin gettor@torproject.org adresine "windows zh_CN" sözleri bilen email iberiň.

  • 2-nji ädim: GetTor, Tor Brauzer paketini, kriptografiki goly (göçürip almagy tassyklamak üçin), gol çekmek üçin ulanylýan açaryň barmak yzyny we bukjanyň çekini göçürip alyp boljak baglanyşyklary öz içine alýan email bilen jogap berer. Ulanýan kompýuteriňiziň modeline bagly: size “32-bitli” ýa-da “64-bitli” programma üpjünçiligi saýlamaklyk hödürlenip bilner.

Şeýle hem aşakdaky aýnalary ulanyp resminamalara we beýleki çeşmelere girip bilersiňiz:

2-nji ädim: Tor birikdir

Tor Brauzerini ilkinji gezek işledeniňizde, Tor birikdir penjiresini görersiňiz. Bu size Tor network gönüden birikmek ýa-da baglanyşyk üçin Tor Browser düzmek mümkinçiligini hödürleýär. Tor network elmydama awtomatiki birikdirilmek isleýändigiňizi soraýan bellik gutusy bar, eger şeýle bolsa, gutyny belläň.

Programmany işledeniňizden gysga wagtyň içinde Tor Brauzeri ulanyp, internete göz aýlap başlamagy başarmaly we ilkinji gezek ulanýan bolsaňyz "Birikdir" düwmesine basmaly.

Tor bilen baglanyşykda kynçylyk çekýärsiňizmi?

Tor network göni giriş käwagt Internet hyzmatyny üpjün edijiňiz ýa-da hökümet tarapyndan petiklenip bilner. Tor brauzerinde bu bloklary geçmek üçin käbir aýlaw geçiş gurallary bar. Şeýle ýagdaýlarda, brauzeriňizi köpri arkaly birikdirmek üçin sazlamak ýeterlikdir. Köprüler hususy we blokirlemegi has kyn bolan ýönekeý releler.

Desktop üçin köprüleri nädip işjeňleşdirmelidigi barada görkezmeler:

Tor Brauzerinde desktop üçin köpri ulanyp bilersiňiz: Settings > Connection > Bridges > Select a Built-In Bridge. 2021-nji ýylyň 22-nji dekabr aýyna görä, gönüden Tor brauzerine jemlenip birikdirilen köprüler Russiýada petiklenýär.

Şonuň üçin okyjylar aşakdaky usullaryň biri arkaly köpri talap etmeli:

  • Desktopdaky Tor Brauzerinden köpri talap etmek: Settings > Connection > Bridges > Request a bridge from torproject.org > Solve the CAPTCHA
  • Aýratyn Telegram kanalyna "/bridges" ibermek @GetBridgesBot soňra bolsa Tor Brauzerine göçürmek we goýmak arkaly alnan köprü salgylary goşmak üçin: Settings > Connection > Bridges > Enter a bridge address you already know
  • https://bridges.torproject.org/ görüň we görkezmeleri eýeriň
  • Email arkaly köpri soramak: bridges@torproject.org, Gmail ýa-da Riseup email salgysyndan; soňra bolsa Tor Brauzerine göçürmek we goýmak arkaly alnan köpri salgysyny goşmak: Settings > Connection > Bridges > Enter a bridge address you already know
  • Tor Brauzeriniň içinden Snowflakes arkaly birikmek: Settings > Connection > Bridges > Select a built-in bridge > Snowflake

Android üçin köprüleri nädip işjeňleşdirmelidigi barada görkezmeler:

Okyjylar Android-de köpri ulanyp bilerler: Settings icon > Config Bridge > Use a bridge.

Tor Brauzerine gönüden jemlenip baglanan köprüler petiklenen ýagdaýynda, okyjylar aşakdaky usullaryň biri arkaly köpri talap etmeli:

  • Aýratyn Telegram kanalyna "/bridges" ibermek @GetBridgesBot, soňra bolsa Tor Brauzerine göçürmek we goýmak arkaly alnan köprü setirlerini goşmak üçin: Config Bridge > Provide a bridge I know
  • https://bridges.torproject.org/ görüň we görkezmeleri eýeriň
  • Email arkaly köpri soramak: bridges@torproject.org, Gmail ýa-da Riseup email salgysyndan; soňra bolsa Tor Brauzerine göçürmek we goýmak arkaly alnan köpri setirlerini goşmak: Config Bridge > Provide a bridge I know
  • Tor Brauzeriniň içinden Snowflake arkaly birikmek: Config Bridge > Snowflake

IOS üçin köprüleri nädip işjeňleşdirmelidigi barada görkezmeler:

Okyjylar iOS-da köpri ulanyp bilerler: Web sahypasyny göreniňizde onion şekili > Bridge Configuration.

Tor Brauzerine gönüden jemlenip birikdirilen köprüler petiklenen ýagdaýynda, aşakdaky usullaryň biri arkaly köpri sorap bilersiňiz:

  • Aýratyn Telegram kanalyna "/bridges" ibermek @GetBridgesBot soňra bolsa Tor Brauzerine göçürmek we goýmak arkaly alnan köprü setirlerini goşmak üçin: Bridge Configuration > Custom Bridges
  • https://bridges.torproject.org/ görüň we görkezmeleri eýeriň
  • Email arkaly köpri soramak: bridges@torproject.org, Gmail ýa-da Riseup email salgysyndan; soňra bolsa Tor Brauzerine göçürmek we goýmak arkaly alnan köpri setirlerini goşmak: Bridge Configuration > Custom Bridges
  • Tor Brauzeriniň içinden Snowflake arkaly birikmek: Bridge Configuration > Snowflake

3-nji ädim: Onion hyzmatyna giriň

Onion hyzmatlary (öňden "gizlin hyzmatlar" diýlip bilinýär) diňe Tor ulgamy arkaly girip bolýan hyzmatlardyr (web saýtlary ýaly). Beýleki web saýtlary ýaly, onion birikmek üçin onion hyzmatynyň salgysyny bilmeli bolarsyňyz. Onion adresi, esasan, tötänleýin harplaryň we sanlaryň 56-syň jemi, we soňunda ".onion". Onion hyzmatlary barada has giňişleýin maglumat üçin girip görüň Tor Browser Manual.

RadioFreeEurope / RadioLiberty -niň onion hyzmatyna girmek üçin aşakdaky URL-ni Tor Brauzerine göçüriň we goýuň: